Aýdym-saz sungatynyň nesilden-nesle geçmegi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda kirişli saz gurallar kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň talyplary we uçurymlary bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga halypa mugallymyň üýtgeşik zehinine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary şeýle-de halypanyň şägirtleri ýygnandylar.  

Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň ucurymlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kirişli saz gurallary” hünäriniň  uly mugallymy, Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi Näzik Saryýewa, Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Seýran Kasimi hem-de “Kirişli saz gurallary” hünäriniň mugallymy,  Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi Bahram Dolyýew öz halypalary Nikolaý Artyomowiç Amiýansyň döredijilik ýoly barada söhbetdeşlikde bolan gürrüňler biz ýaşlary has-da döredijilik ýolunda ruhlandyrýar. Halypanyň sungata gelişi barada birnäçe gyzykly gürrüňler edildi.

Halypanyň sungatda ýeten kämillik derejesini has-da aýdyň duýmak bolýar. Halk arasynda “Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar” diýilişi ýaly halypa hem bu ýoly üstünlikli geçip, häzirki wagtda sungat ýolunyň geljekki wekillerini ýetişdirmekde özüniň halypalyk maslahatlaryny gaýgyrmaýar. Halypa mugallymyň uçurymlarynyň halkara we milli bäsleşikleriň ýeňijileri we diplomantlary bar. Orta Aziýa we Gazagystan respublikalarynyň halkara bäsleşiginiň laureaty Hanna Izwekowa, N.Hälmämmedow adyndaky halkara bäsleşiginiň diplomanty Olga Mätiýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragynyň we altyn medalyň eýesi Annasoltan Atdaýewa, Türkmenitanyň sungatda at gazanan işgäri Zeýtuna Ahmetjanowa, Halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa. Amiýansyň okuwçylarynyň köpüsi Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda zähmet çekýärler. Olar: Seýran Kasimi, Aýna Kasymowa, Grigorýan Elina bular Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet  ýörite sazçylyk mekdebinde, Umarowa Aliýa, Zeýtuna Ahmetjanowa, Jeren Babaýewa bular ýörite sazçylyk mekdep internatynda,  Ogulbagt Berdiýewa täze Zillandiýada, Nina Piserowa, Bekdurdyýew Mihail, Dawid Tumasow Germaniýada, Orazow Ibragim, Rahmedowa Näzik Turkiýa döwletinde zähmet çekýärler.

Biz hem halypa mugallymymyza jan saglyk, aýdym-saz ugrundan ýaşlara bilim bermekde mundan-da beýläk üstünlikleriň hemra bolmagyny, şular ýaly ýaş sazandalary ýetişdiren halypamyzyň ýaşy uzyn bolsun.! Duşuşygyň dowamynda kirişli saz gurallar kafedrasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp sazlar ýaňlandy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik gatnaşyklary has-da berkäp, ýurdumyzda aýdym-sazyň sesi hemişe belentden ýaňlansyn! 

.

Aýlar ANNAMYRADOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Kirişli saz gurallary” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok