Ýurdumyzda ulag logistika ulgamy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär, köp şahaly ulag düzümini döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki zaman şertlerinde bu ulgam dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyz häzirki wagtda ençeme gezek şu mesele boýunça iri forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň hatarynda ýokary derejeli geçirilen Halkara maslahatlar  we BMG-niň howandarlygynda guralan Durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahatlary mysal getirmek bolar. Bu forumlar 2014-nji ýylyň sentýabrynda hem-de 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyz  Aşgabatda geçirilip, olaryň netijeleri boýunça kabul edilen möhüm ähmiýetli resminamalar — Aşgabat Jarnamasy we Aşgabat Beýannamasy diýlip atlandyrylyp, olar strategik ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlere saldamly goşant boldy.

2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda Türkmenistanyň, Owganystanyň, hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň geçelgeleriň we ýük daşamagyň işini kämilleşdirmek meselesini utgaşdyrjak Bitewi logistik merkezi döretmek baradaky başlangyjyny öňe sürdi. Häzirki wagtda «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan demir ýol wagonlarynyň hereketine gözegçiligi amala aşyrmak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de Halkara ýük daşamakda beýleki amallary we hyzmatlary sanlylaşdyrmak boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar.

Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen sazlaşykly ulag logistika ulgamyny ösdürmäge, şol sanda Halkara ulag geçelgelerini döretmäge we giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Bu meseleleriň üstünlikli çözülmegi döwletleriň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, olaryň okgunly ösmegine ýardam edýär.

.

Jennet ŞAMMYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok