Fazil – geljegiňi ýagtylandyr

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide türkmen telekeçileri özleriniň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrýan stendlerde özleriniň harytlaryny we hyzmatlaryny sergileýärler.

Sergä ilkinji gezek gatnaşýan “Fazil” haryt nyşany bilen öndürilýän deri, ýantorba we sport önümleri myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Fazil brend – Türkmen önümi bolup ol ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde, ýagny Daşoguz welaýatynda önümçilik işlerini alyp barýar. Özünde dizaýn aýratynlyklaryny jemleýän bu önümleriň çig maly daşary ýurtlaryndan getirilip raýatlar üçin amatly bahadan hödürlenilýär. Bu brendiň önümleriň dizaýnynda milli öwüşginler ýerleşdirilip ýylyň 4 paslynda geýmeklik üçin sport egin-eşikleri öndürilýär.

Teswirler

Dawut

Raketkada öndür ýälermi