Türkmen kärhanasy täze görnüşli filament lampalary öndürýär

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän “Abat şekil” hojalyk jemgyýeti öndürýän “GÖRK” haryt nyşanly filament lampalarynyň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Kärhana geçen ýylyň sentýabr aýynda işe girizildi. Bu ýerde filament lampalaryň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Geçen aýda LED filament lampalarynyň täze, A-60, E-27 görnüşiniň öndürilip başlanmagy bilen, olaryň sany artdy.

“Abat şekil” hojalyk jemgyýeti her aýda 300- 400 müň lampa öndürmäge ukyply. Kärhana Hytaýyň iň täze tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen.

Bu ýerde öndürilýän lampalaryň beýleki lampalardan elektrik energiýasyny adaty lampalardan 10 esse az sarp edýändigidir. Şeýle hem bu lampalar ýagtylygy 360 gradus ýaýradýar.

Ýusup MEMELOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok