Ylym – bagtyň açarydyr!

Ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Ylym öwrenmek, bilimiňi baýlaşdyryp, halk, Watan üçin bähbitli açyşlary etmek, milli ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşmak, hünäriňi kämilleşdirmek sogap iş hasaplanylýar. Geçmişini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan merdana türkmen halky “Ylym – akylyň ýarysy”; ”Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň”; ”Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize – guwanç” ýaly halk nakyllaryny, atalar sözüni döredip, gadymy döwürlerden bäri ylymdyr bilime aýratyn uly üns beripdirler. Ylym, bilim adamzat aňyny, jemgyýeti öňe alyp barýan güýçdür, şamçyragdyr.

Gözlerimiziň nury, umyt – arzuwlarymyzyň gaýmagy siňen nurana türkmen topragymyz bu günki günde ylym – bilimiň ýagty şöhlesi bilen barha ösýär, ilerleýär. Ylym ösen aňyň, ösen jemgyýetiň miwesi bolup, ol diňe kämil binýadyň, giň şertleriň döredilen ýurdunda ösüşlere eýe bolýar.

Häzirki döwürde ylmyň ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, durmuş ulgamynda, gündelik durmuşymyzda örän möhüm orun eýeleýändigini subut etmegiň zerurlygy ýok. Dünýä alymlarynyň tagallasy, oýlap tapyjylaryň hem-de täzelikçileriň tutanýerli zähmetiniň netijesinde, ylym ähli ugurlarda okgunly ösdi. Şonuň bilen birlikde, adamzadyň abadançylygy hem ýokarlandy. Adamyň töweregindäki ähli zatlar — bu ylmyň gazananlarydyr.

Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde şahsyýetiň bilimliligi we aňlaýyş ukyby ýurduň milli baýlygyna degişli bolup durýar. Adamyň ruhy sagdynlygy, hemmetaraplaýyn ösüşi, hünär taýýarlygynyň kämilligi, döredijilige ugurlylygy, mesele çözmek başarnygy jemgyýetiň kämilleşmegine we döwletiň ösüşine uly itergi berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bilim ulgamyny dünýä derejesine ýetirmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişli bolup durýar. Dünýäniň ençeme ösen ýurtlary bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimi hil taýdan ýokarlandyrmak, dünýä ylmynyň soňky gazanan tejribelerini öwrenmek we özleşdirmek işi ýokary depginlerde durmuşa geçirilýär.

Merjen ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri
ylmy-önümçilik merkeziniň işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok