Döwletli döwran geldi atly konser geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň taýýarlamagynda ýurdumyzda täze eýýämyň başlanmagy bilen bagly «Döwletli döwran geldi» atly konsert geçirildi. Bu dabaraly konsertde konserwatoriýanyň talyplar simfoniki orkestrynyň ýerine ýetirmeginde watanymyzyň täze ösüşlerini wasp edýän aýdymdyr-sazlar belent perdelerde ýaňlandy. Şeýle-de bu konsertde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri kompozitor Suhan Tüýliýewiň Garaşsyzlygyň dürli ýyllary içinde döreden aýdymdyr-sazlarynyň ýerine ýetirilmegi diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy.  

Konsertde Türkmnistanyň halk artisti Gurban Babaýew, konserwatoriýanyň uly mugallymy Nury Muhyýew we dirižýorlyk hünäriniň talyby Döwletmämmet Ökdirow orkestre dirižýorlyk etdiler, şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Röwşen Baýramow, Dünýägözel Begalyýewa, Güljemal Toýlyýewa ýaly aýdymçylar, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň we Nury Halmämmedow adyndaky halkara bäsleşiginiň ýeňijisi (Gran-pri) Bahram Dolyýew, Kakageldi Hojalekow, Wepa Ödäýew, Baýramgül Ahmedowa, Didar Ýomudow, Nepes Jumageldiýew, Şirhan Batyrow ýaly sazandalar eserleri ussatlyk derejesinde görkezmegi başardylar. Konsertiň dowamynda halypa kompozitoryň “Pendi nagmalary”, “Türkmen binasy”, “Ezizim”, “Uzuklar” sazly rowaýaty, “Nejoldy?”, “Dünýe, heý!”, “Gözelim” ýaly eserleri ýerine ýetirilip diňleýjiler köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Dabaranyň ahyrynda Suhan Tüýliýewiň döreden pajarlap ösýän watanymyzyň ösüşlerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan il-ýurt bähbitli belent tutumlaryny wasp edýän “Döwletli döwran geldi” aýdymy bilen jemlenmegi has hem ýatda galajy pursatlary döretdi.

.

Röwşen ATAÝEW,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok