Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy

Ata Watanymyz Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmeklik, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmeklik babatda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň hem-de bu ugurda ýokary görkezijilere eýe bolmak ugrunda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sagdynlyk we ruhubelentlik esasy durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny, adamlaryň asylly ýörelgelere, beýik maksatlara bolan egsilmez ynamyny hem-de belent ruhuny özünde jemleýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilip geçilişi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň esasy maksady milletiň saglygyny gorap saklamaklykdan we pugtalandyrmaklykdan ybaratdyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ösdürilýär. Bu Milli maksatnama laýyklykda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklikde geljekde alnyp baryljak giň gerimli özgertmeler barada Arkadagly Serdarymyz özüniň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda aýratyn durup geçmeklik bilen: «Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.

Maýa ATABALLYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby gigiýena,
epidemiologiýa we toksikologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok