Bütindünýä saglyk güni – sagdyn-durmuş ýörelgesiniň aýdyň dabaralanmasy

 Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda» giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkyna iberen gutlagynda: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem bütindünýä bileleşik bilen birlikde eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýar.» – diýip örän jaýdar bellemeklik bilen, bu şanly senäniň eziz Diýarymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny dile getirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyz Türkmenistanda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport dabaralary, Saglyk ýoluna ýörişler geçirilýär.

 Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň  ähli ýerinde türgenleriň görkezme çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we milli sport oýunlary boýunça bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar guralýar.  Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda geçirilen giň gerimli baýramçylyk çäreleri Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz Türkmenistanda  Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlap, yzygiderli durmuşa geçiren sagdyn durmuş ýörelgesiniň – köpçülikleýin sport we bedenterbiýe syýasatynyň dowamat dowam bolýandygyny bütindünýä aýan etdi. Çünki bu günki gün Türkmenistanda sagdyn nesil kemala getirilip, eziz Diýarymyz sport ýurdy hökmünde tutuş ýer ýüzünde giňden tanalýar. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz halkara sport guramalarynyň 7-siniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara sport federasiýalarynyň 48-siniň, ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzasy boldy.

Halkymyzyň saglygyny ýurdumyzyň baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň  aladasy bilen ýurdumyzda her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ýola goýlan  ähli işler  –  döwrebap mümkinçilikler we zerur şertler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi bolsa, dana ata-babalarymyzyň «Ata kesbi – ogla hala» «Ata dünýäsi – ogla gönezlik» diýen parasatly atalar sözleriniň baý many-mazmunyň häzirki ajaýyp döwrümiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletimizin täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi – sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzyň milli ösüş tapgyrynyň – täze zamanasynyň ruhuna laýykda gün-günden pajarlap ösýär.

Jumanazar ANNYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok