Daşoguzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetly köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Welaýat häkimliginiň ýolbaşçylygynda  şu gün  irden – 7-nji aprelde Türkmenistanda  asylly däbe görä bellenip geçilýän  Bütindünýä saglyk güni    mynasybetli  welaýat derejesinde  Daşoguz şäherinde halkara çärä bagyşlanyp köpçülikleýin   welosipedli ýöriş geçirildi.

Buýsançly başly halkymyz tarapyndan gyzgyn goldalylan bu köpçülikleýin  baýramçylyk ýöriş çäresine  şäher ýaşaýjylary , pudak we ýerli edara kärhänälaryň  işgärleri  bilelikde  professor mugallymlaryň guramaçylygynda  Daşoguzyň Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.

Şäheriň köçeleri baýramçylyk bezeginde bolup, suw çüwdürümleri doly işledildi  “Il saglygy-ýurt baýlygy”  diýen şygardan ugur alnyp ekologiýa üçin zyýansyz  bolan bu sport çäresinde aýdym-sazlybaýramçylyk dabarasy geçirildi.          

Handurdy ORAZMUHAMEDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok