“Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň bilim ministirligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersi boýunça yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň döwlet tapgyry işjeň derejede geçirildi, diýip Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ders bäsleşikleri mekdep okuwçylary daşary ýurt bäsleşiklere taýynlamagyň özboluşly tapgyryna öwrüldi. 
Türkmenistanyň taryhy , Türkmen dili we edebiýaty, Rus dili, Iňlis dili, Geografiýa, Biologiýa, Himiýa, Matematika, Fizika, Informatika boýunça geçirilen bu bäsleşiginiň döwlet tapgyryna 10-njy synplardan 350, 11-nji synplardan 426 okuwçy gatnaşdy we bäsleşiginiň netijeleri jemlenilýär, diýip habarda beýan edilýär.

Wepa Agajanow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok