Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň watany

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we bitaraplygyň gözel mekany hasaplanýan eziz diýarymyz bedenterbiýäniň we sportuň gülläp ösýän ýurduna öwrüldi. Sportuň dürli görnüşleriniň halkymyzyň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylmagy esasynda Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýolunda batly gadam basyp, barha öňe barýar. Adamyň ýaşaýyş durmuşynda medeniýet bilen bir hatarda sportuň halkara medeni gatnaşyklarynda giň gerim bilen ýaýbaňlanmagy adamzady beden hem ruhy taýdan kämil derejelere ýetirýär. Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, ynsanperwer gatnaşyklary, döwletleriň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda, olary has-da berkitmekde sportuň ähmiýeti ýokarlanýar. Sport medeniýet bilen özara utgaşanda, dünýäde parahatçylygyň höküm sürjekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Sportuň şular ýaly derejede medeniýet bilen sazlaşygy, milletiň aň düşünjesiniň kämilleşmegine hem-de dünýä ýaýylmagynyň ruhlandyryjysy Gahryman Arkadagymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” diýen kitabyndaky pähimli sözleri taryhy ähmiýete eýedir.

Sportuň iň peýdaly we daşky gurşaw üçin zyýansyz hasaplanýan welosporty häzirki wagtda Bütindünýä tarapyndan ykrar edilip, sporty söýüjileriň uly söýgüsini gazandy. Welosportuň esasy guraly hasaplanýan welosiped öz gözbaşyny XIX asyryň birinji ýarymyndan alyp gaýdýar. Ol ilkinji gezek nemes professory Karl fon Drez tarapyndan oýlanyp tapylyp, häzirki welosipedleriň sada we pedalsyz görnüşi bolupdyr. Onuň çylşyrymly we kämil görnüşi birnäçe onýyllyklardan soňra Jon Kemp Starli tarapyndan işlenilip düzülýär. Welosiped ençeme awtoulaglaryň döredilmegi üçin esas bolup hyzmat edipdir. Köpsanly ady belli meşhur awtoulag öndüriji kärhanalar ilkibaşda welosiped önümçiligi üçin niýetlenipdir. Welosipedleriň öndürilmegi esasynda welosiped ýaryşlary hem ýüze çykypdyr. Olar açyk howada adam saglygy, gan aýlanyşy üçin örän peýdaly bolmak bilen bir wagtda beýleki ulaglara seredeniňde, daşky gurşawa zeper ýetirmeýän we ekologiki taýdan zyýansyz ulag bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we däbe öwrülen welosipedli ýörişler we başga-da birnäçe sport çäreleri Hormatly Prezidentimiziň halkymyz barada edýän aladalarynyň aýdyň mysalydyr. 2019-njy ýylda 2019 sany welosipedçileriň gatnaşmagynda gurnalan welosiped ýörişiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi her birimiz üçin ýatdan çykmajak pursadyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şekillendiriş sungatynda bedenterbiýä we sporta ähli taraplaýyn yzygiderli üns berilýär. Ýaş suratkeşler hem bu tema ýüzlenip döwrebap welosport oýuny nakgaş, grafika we heýkel eserleriň üsti bilen suratlandyrýarlar. Welosipedli gezelenç örän täsin duýgulary döredýär, daşymyzy gurşap alýan dünýäni öwrenmäge, ekologiya ýagdaýyna zyýan ýetirmezden tebigatyň täsin künjeklerinde bolmaga we bähbitli hem-de fiziki işjeňligi artdyrmakda welosiped sporty uly mümkinçilikleri berýär.

Köpetdagyň eteginde ençeme menzillerden seleňläp görünýän “Welosiped” binasy bolsa halkymyzyň sagdyn we parahat ýaşaýşynyň, asuda we abadan durmuşynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Ajaýyp we çylyşyrymly taslama gurluşyna eýe bolan “Welosiped” binasy Watanymyzyň baý geçmişli taryhyndan, tutuş dünýä ýaň salan häzirki gününden we şöhratly geljeginden söz açýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Türkmenistan ýurdumyzyň şanly geçmişini we ýeten belentliklerini özünde jemleýän bu bina paýtagtymyzyň binagärlik görküni has hem artdyrdy. Gurluşy boýunça giňişleýin we çylşyrymly çözgüde eýe bolan “Welosiped” binasy häzirki zaman türkmen sungatynyň dürli görnüşleriniň özara sazlaşygyny, ýakyn arabaglanyşygyny kesgitli ýüze çykarýar. “Welosiped” binasynyň merkezinde ýerleşdirilen äpet uly Ýer şarynyň ýüzünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen giren Türkmenistanyň kartasy, sähralardan, dag-düzlüklerden hatar geçip barýan ýükli kerwenler, taryhy ýadygärlikler, ulag-üstaşyr geçelgeler, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň häzirki zaman gazananlary, süýnüp barýan bedew atlylaryň şekilleri, Ýer şarynyň daşyndan bolsa, berk bedenli welosipedçileriň keşpleri oýlanyşykly ýerleşdirilip görkezilmegi, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmekde, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini hem-de sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Göýä ýyldyrym dek öňe okdurylyp barýan bedewleriň rowaýaty keşbi halkymyzyň milli gymmatlygy hasaplanýan ahalteke atlaryna goýýan belent sarpasynyň alamatydyr. Ýokarky aýlawda ýerleşdirilen tigirçileriň şekili sportuň bu görnüşiniň adam saglygyna peýdalydygyny we häzirki wagtda ähli ýurtlaryň arasynda giň gerim bilen ösdürilýän ugur hökmünde habar berýär. Welosiped binasy milli binagärligiň esasynda döredilip geljekde sportuň türkmen ruhy bilen dünýä ýaň saljakdygyny, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýokary derejede berjaý ediljekdigini görkezýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda aprel aýynyň 7-sine Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek welosiped ýörişi, jemgyýetde bedenterbiye-sagaldyş hereketini ösdürmekde, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde hem-de adamzadyň parahatçylyk söýüjilikli maksatlaryny we dostlugy aňladýan welosiped sportuň ähmiýetini wagyz etmekde Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýdyň netijeleri bolup durýar.

.

Ahatmyrat Nuwwaýew.

Medeniýeti öwreniş ylymlarynyň kandidaty,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory.

    

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok