Kämil bilimiň özeni-sanly bilim ulgamy

Häzirki wagtda Watanymyz Türkmenistanda ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe bolýar. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we ony maksadalaýyk guramakda onuň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, biziň günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini kemala getirmek we onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyndaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi.

Berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Sanly bilimi ösdürmekde ilkinji nobatda bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle hem bilim alýan ýaşlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp başarmaklarynyň wajyplygyny tassyklaýar. Diýarymyzyň bilim ojaklarynda ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygyny yzygiderli kämilleşdirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Ýokary okuw mekdeplerinde ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen  şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan sapaklary, wideoşekilli maslahatlary geçirmeklige uly ýardam edýär. Halkara hyzmatdaşlygy işjeňlendirmekde alnyp barylýan bilim-ylym, sport, medeni köpçülik işleri ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmelerini şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak maksadalaýykdyr.

Sanly bilim portaly bilim alýan ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işiniň mazmuny okatmagyň döwrebap täze usullaryny halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyryp işläp düzmekde, mugallymlaryň nazary we amaly işlerini usuly taýdan dogry guramak, ylymyň we tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazanan üstünliklerine daýanyp, olaryň dürli pudaklary babatda ýetilen sepgitleri hakyndaky düşünjeleri almaklaryna bolan zerur islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

.

Bägül Nobatowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň koreý dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok