Piezoelektrik materiallaryndan peýdalanyp, daşky gurşawdaky sesleri kesgitleýän we olary elektrik toguna öwürýän sapaklar öndürildi.
Basyşa sezewar bolanda elektrik bilen zarýadlanýan materiallara piezoelektrik materiallary diýilýär. Köp tehnologiýalarda ulanylýan bu materiallaryň esasy aýratynlygy sesleri kabul etmekdir. Ses tolkunlaryna sezewar bolan piezoelektrik materiallary elektrik bilen zarýadlanýar.
Ýaňy-ýakynda geçirilen bir gözlegde, gözlegçiler topary piezoelektrik materialy arkaly sesleri elektrik signallaryna öwürýän sapaklar öndürendiklerini habar berdiler. Piezoelektrik sapaklar adam seslerini, guşlaryň jürküldüsini, ýapraklyň şygyrdysyny doly anyklap bilýär. Bu matalardan tikilen eşiklerem ýürek urgularyny anyklap bilýär. Synaglar, matalaryň ýuwlandan soň hem ses kesgitlemek häsiýetini saklaýandygyny görkezýär.
Gözlegçiler, piezoelektrik sapaklary öndürenlerinde, gulakdan beýnä iberilýän ses tolkunlaryny elektrik signallaryna öwürmekden ylham alandyklaryny aýdýarlar. Bu sapaklardan dokaljak matalar geljekde eşitmeýän adamlara aragatnaşyk saklamaga kömek edip biler diýip pikir edilýär. Mundan başga-da, bu matalar bedeniň işine gözegçilik etmek üçin ulanylyp bilner.
Humaý DŽUMAÝEWA,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler