Türkmenistanda harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümi başlady

Mälim bolşy ýaly 24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

Şoňa laýyklykda, häzirki wagtda Harby wekilliklerde möhletli gulluga çagyrylan raýatlar bilen yzygiderli wagyz-nesihat we düşündiriş işleri geçirilip, 2022-nji ýylyň ýazky çagyryş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Türkmenistanda möhletli harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek amala aşyrylýar. Ýazky çagyryş möwsümi  1-nji aprelden 30-njy iýun aralygynda, güýzki çagyryş möwsümi 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabr aralygynda amala aşyrylýar.

«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, möhletli harby gulluga ýurduň 18-27 ýaşyndaky erkek raýatlary kabul edilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok