Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişdiler

 Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýerli howa şertlerine baglylykda özüniň datly miweleri bilen tanalaýan Ahalyň waharmany, Lebabyň gülabysy, Daşoguzyň gürbek gawunlarynyň we beýleki derde derman ir-iýmişleri bilen tapawutlanýan Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda asylly däbe görä 23-nji martda,  biraz giç 30-martda Daşoguz welaýatynda gowaça  ekişine hormatly il sarpaly ýaşulylylar  ak pata berdiler.

 Welaýat boýunça ‘’ak altyndan’’ 275 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.  Her  welaýatyň klimatik şertine görä  ekerançylar orta süýümli pagtanyň   “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “F-149”, “Ýolöten-39” ýaly görnüşlerini ýetişdirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň  tabşyryklary esasynda welaýatda  ýerleri ekerançylyga taýýaralamak  we gowaça idegi üçin kämil derejede bolan yokary öndürijilikli  oba hojalyk tehnikalarynyň, traktorlarynyň 2552-si ulanylar. Şu traktorlaryň hatarynda ‘’John Deeri’’ we’’ CLAAS’’ ýaly  dünýäniň iri kompanyýalaryndan satyn alynan traktorlar  hem-de ekijilerden 454-si ekişi bökdençsiz ýerine ýetirmek üçin hyzmat eder. Ol ýerde ‘’Monosem’’ kompanyýasynyň  sekiz hatarly ekijileri we beýleki enjamlary peýdalanylar.

Şol ýere ýygnanlar ekiş möwsümini wagtynda geçirmek  we agrotehniki çäreleri talabalaýyk  ýerine ýetirmek hem-de beýleki ekinlerden bol hasyl almak bilen bagly meseleleri tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi –pagtaçylaryň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşdylar.

Handurdy ORAZMUHAMEDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok