Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana taryhda ilkinji saparyny amala aşyrar

1-nji aprelde Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind, Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Sapar 1-4-nji aprel aralygynda amala aşyrylar.

Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind resmi sapary wagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar. Taraplar duşuşygyň barşynda şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen Merkezi Aziýa — Hindistan sammitinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek ýaly ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle-de käbir resminamalara gol çekerler.

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary 4-7-nji aprelde Niderlandlar Patyşalygyna döwlet sapary bilen utgaşyp gider. Prezident Ram Nath Kowind Patyşa Willem Aleksandr we şa zenany Maksimanyň çakylygy boýunça bu ýurtda saparda bolar.

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň belläp geçmegine görä, bu Hindistanyň Baştutanynyň we onuň maşgalasynyň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolar. Bu şanly waka mynasybetli paýtagtymyzyň birnäçe ýerinde uly taýýarlyk işleri dowam edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok