Şa zenany Ýelizaweta II özüniň kir ýuwujy serişde markasyny çykardy

Şa aýaly Ýelizaweta II özüniň kir ýuwujy serişde markasyny çykardy. Şa zenanynyň täze önümi tämizlik serişdelerini öndürýän “Norfolk Natural Living” kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlandy. Täze önümiň biriniň bahasy bolsa 15 funt-sterling.

Dünýä mediýasynda beýan edilmegine görä, şa aýaly kir ýuwmagy görýänligi sebäpli bu önümiň önümçiligini ýola goýmaklyk pikrine gelipdir. Şa zenanynyň täze önümi özüniň Norfolkdaky öýünde ýerleşýän sowgat dükanynda satuwa çykarylyp başlandy.

500 ml çüýşelerde satylýan önümleriň üstünde şa maşgalasynyň Sandringham emläginiň nyşany bar. Täze önümiň esasy aýratynlyklarynyň biri bolsa ekologiýa zyýansyz bolmagydyr.

Bilbil HANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok