5G bilen gidýän otly

“CRRC Zhuzhou Lokomotiw Co” şereketi relsde magnit galdyrylma güýji bilen gidýän syýahat otlusynyň synaglarynyň gutarandygyny habar berdi.

“CRRC Zhuzhou Lokomotiw Co” şereketiniň Maglew tehnologiýa gözleg institutynyň wise-prezidenti Çan Wenyue, sagatda 200 kilometre çenli syýahat etmek üçin niýetlenen otlynyň sürüjisiz sürmek we aragatnaşyksyz elektrik mümkinçiligi ýaly birnäçe tehnologiki täzeliklere gol çekendigini aýtdy.

Täze otly 50-den 200 kilometr arkadaşlykda ýerleşýän şäherlerde ulanylar. Özbaşdak hereket we 5G aragatnaşygy ýaly aýratynlyklary bolan otly ýerden dolandyryş ulgamy bilen işjeňleşdirilýär. Howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur abatlaýyş işleri üçin hakyky wagtda maglumatlar ýygnalýar.

Belläp geçsek, bu otly öňki nesil otlulardan uly artykmaçlyklara eýedir. Dizaýnerler, aşa ýokary agramy çekmek, tizlenme şeýle-de öndürijiligi taýdan täze syýahat otlusynyň öňki otlulardan ep-esli gowulaşjakdygyny aýdýarlar.

Baýmyrat ÝUSUPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok