ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy mynasybetli gutlady. Baýden gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentine we onuň maşgalasyna şeýle-de türkmen halkyna şatlykly hem-de abadan Nowruz baýramyny arzuw etdi.

Amerikan Lideri : “Parahatçylygyň we täzelenişiň şu gününde Birleşen Ştatlarda we Ýer ýüzünde köp adamlar bu ajaýyp baýramy bellemek üçin Size goşulýalar” diýip, gutlagynda nygtap geçdi.

Şeýle-de Baýden gutlagynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy barada hem durup geçdi. Mundan başga-da ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistan bilen howpsuzlyk babatda, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda umumy maksatlara ýetmäge, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek, Hazar energetikasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok