Türkmenistanyň geljegi uly energiýany ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy

“Ýaşyl ykdysadyýet” – daşky gurşawa zyýanly galyndylaryň we parnik gazlarynyň bölünip çykmagyna gözegçilik edýän we olaryň möçberini azaldýan, tebigy-howa şertleriniň üýtgemegini çaklamaga mümkinçilik berýän, şeýle hem energiýany we serişdeleri tygşytlamagy üpjün edýän tehnologiýalary we enjamlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagy, öndürmegi we ulanmagy, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl ykdysadyýet” we “ýaşyl energetika” çygrynda halkara hyzmatdaşlyk ýokarda bellenilen möhüm wezipeler babatynda ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptraplaýyn esasda ýola goýýan hyzmatdaşlygyna düşünmek bolar.Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmekde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi ozaly bilen günüň we ýeliň özgerdilen energiýasynyň binýadynda alynýan tebigy energiýanyň tükeniksiz gory bilen şertlendirilýär. Häzirki wagtda dünýaniň onlarça ýurdy, şol sanda Türkmenistan energiýa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga uly maýa goýumlaryny goýýarlar, olaryň hatarynda daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän we ykdysady taýdan bähbitli «arassa howa ulgamynyň» taslamalary – ykdysadyýetiň täze pudaklaryny, hususy ulgamyň kärhanalaryny osdürmek, iş orunlaryny döretmek bilen baglydyr. 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi we oňa dünýäniň 14 ýurdundan wekilleriň gatnaşmagy Türkmenistanyň bu meseleleri çözmäge netijeli çemeleşýändigi, şeýle hem özüniň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň bu ugry ösdürmäge içgin üns berýändigi bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň Halkara energetika agentligi, Halkara energetika Hartiýasy, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Atom energetikasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) we beýleki halkara guramalary bilen “ýaşyl energetika” çygryndaky halkara hyzmatdaşlygy ählumumy energetika howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny gazanmak babatynda barha derwaýys häsiýete eýe bolýar. 2017-nji ýylda Türkmenistan Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy bilen, onuň möhüm wezipeleri bolan, taýyn önümi almak hem-de ony eksport etmek üçin uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge; täzeden dikeldilýän energiýa serişdelerini peýdalanmaga; energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmäge; energiýanyň netijeliligini we energiýanyň tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga, energiýany ulanmagyň netijesinde daşky gurşawa täsiri peseltmäge; dünýäde energiýa bolan ösen islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, maýa goýumlary höweslendirmäge hem-de Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň maýa goýum ýagdaýlaryny gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli çäreleri durmuşa geçirdi. Soňky ýyllarda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär. Bilermenleriň bahalaryna görä, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä, energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, ýurdumyz ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmegi maksat edinýär.Türkmenistan pes uglerodly önümçiligi netijeli amala aşyrmak boýunça tagallaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet bermek bilen, BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamagy we energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmekden teklip edýär.Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän düzümleriniň wajyplarynyň biri hem Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligidir (IRENA). Türkmenistan 2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda bu düzümiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, guramanyň degişli taslamalarynyňdyr maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy ählumumy wezipeleriň biridir. Çünki ol Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi, ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly umumadamzat ähmiýetli meseleler bilen aýrylmaz baglanyşykly. Şoňa görä-de, 2018- nji ýylda ýurdumyzda IRENA bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy düzüldi hem-de degişli Pudagara iş topary döredildi. Halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda bu toparyň birnäçe bilelikdäki mejlisleri we duşuşyklary guraldy. Türkmenistan “ýaşyl ykdysadyýetiň” wajyp ugurlary, durnukly energiýanyň ulanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi babatynda Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan “ pikirleri birleşdirmek bilen geljegi döretmek” şygar astynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçýän “EXPO-2020” Bütindünýä sergisine “ýaşyl ykdysadyýetiň” gazananlaryny hödürlemegi ýöne ýerden däldir. Netijede, häzirki wagtda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy tutuş dünýäde ählumumy wezipe bolup durýar. Bu ugurda innowasion işläp taýýarlamalar we olaryň tehnologiýa taýdan netijeliligini kesgitlemek geljegi has uly bolan ylmy çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär.

Timur Aşyrow

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok