Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemlerine seredildi.
Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyny ýokary guramaçylyk ýagdaýda geçirmek baradaky möhüm resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler. Bu dabaranyň paýtagtymyzdaky “Ruhyýet” köşgünde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem bu dabarany ýokary derejede guramak üçin döwlet topary döredildi.
Teswirler