“Akylly ýol yşygy” we “Akylly awtoduralga” taslamalary sergilendi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary tarapyndan işlenip düzülen “Akylly ýol yşygy” we “Akylly awtoduralga” taslamalary uniwersitetiniň «Oguz han» innowasion toplumynda geçirilýän baýramçylyk sergilerinde sergilendi.

“Akylly ýol yşygy” taslamasynyň esasy maksady, ulag-logistika pudagyny sanlylaşdyrmak bolup durýar. Bu taslamanyň kömegi bilen bolsa köp ilatly şäherlerde ulag dykynlarynyň öňüni almak, ýol hereketini gowulandyrmak we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bolar.

“Akylly awtoduralga” haçan-da girelgä awtoulag ýakynlanda duýujy sensor ony duýup, merkezi dolandyryjy bölüme habar berýär. Häzirki wagtda talyp ýaşlaryň işläp taýýarlan taslama işleri gurluşygy dowam edip duran Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň ýaşaýyş jaylarynda we edara binalarynda ornaşdyrylýar.

Amantäç ANNAGULYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok