Sanly bilim ulgamy we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi

Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşleriň we özgerişleriň gazanylmagynda ösen innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Dünýäniň kämil tehnologiýa enjamlarynyň, internet ulgamynyň raýatlarymyza elýeterli berilmegi, ýurdumyzyň önümçilik düzümlerinde sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagyny hem talap edýär. Ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň ösen tehnologiýa enjamlary bilen doly üpjün edilmegi, internet ulgamynyň elýeterli bolmagy bilimiň hiliniň gowulanmagyna, elektron dolandyryş ulgamyndan giňden peýdalanmaga, ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

Şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaly ýurdumyzyň toplumlaýyn ösüşini ileri tutýan resminamalaryň milli ykdysady ösüşiň döwrebap häsiýetini üpjün etmekdäki ähmiýeti örän ýokarydyr.

Şu maksatdan ugur alnyp, ýurdumyzda «Bilim hakynda», «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaly resminamalar ýaş nesilleriň sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy baradaky tagallalar bu babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň toplumlaýyn we netijeli häsiýetinde ýüze çykýar. Munuň özi döwrebap ösüşleri nazarlaýan halkymyzyň abadan hem bagtyýar geljeginiň aýdyň beýanydyr. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we bilimiň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna, medeniýetiň ösüşine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ata Watanymyzy bilimleriň we ylymlaryň pajarlap ösýän mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şageldi IŞANGULYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok