Öýde oturan ýeriňden ene diliň ýaly iňlis dilini öwrenmäge mümkinçilik berýän platforma: “Open English”

Daşary ýurt dilini öwrenmek durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Elbetde, iňlis dilini öwrenmek aňsat zat däl. Şeýle-de bolsa iňlis dilini has ýeňil we edil ene diliň ýaly öwrenmek üçin birnäçe platformalar bar. Şolaryň arasynda iň oňaýlysy “OpenEnglish” platformasy bolup durýar.

Bu platforma islendik ýaşdaky adama iňlis dilinde gürlemek, ähli sözleri şeýle-de grammatik düzgünleri doly ýagdaýda öwrenmek ýaly birnäçe mümkinçilikleri berýär. Häzirki wagtda 1 milliondan gowrak ulanyjysy bolan “OpenEnglish” platformasy, ady belli ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň arasynda iň bellisi Kembrij uniwersitetidir.

Platforma agza bolup, iňlis dilini nähili derejede bilýändigiňiz 15 minutlyk synag test bilen ölçenilýär. Ondan soňra bolsa siz tölegli ýagdaýda örän aňsatlyk bilen oturan ýeriňizden iňlis dilini öwrenmäge girişip bilersiňiz.

Her kurs onlaýn ýagdaýda göni ýaýlym arkaly 30 minutlap geçilýär. Kurslar 7 gün dowam edýär we ondan soň geçilen sapaklara degişli test alynýar. Kursdan üstünlikli ýagdaýda beýleki bir kursa geçmäge hukuk gazanan adamlar halkara şahadatnamalary berilýär. Şeýle hem, esasy bellemeli zatlaryň biri platformadaky okuwlary doly tamamlan  ulanyjylara Kembrij uniwersitetine okuwa mugt ýazylmak mümkinçiligi bar.  

“OpenEnglish” platformasynda, “TOEFL”, “IELTS” we “TOEIC” ýaly açyk halkara synaglaryna taýýarlamak okuwlary hem bar. Platformada iňlis diliniň artykmaçlyklary bular bilen çäklenmeýär. Platforma agza bolandan soň, ulanyjylar islän wagty sosial media platformalarynyň üsti bilen düşünmeýän zatlaryny öz mugallymlaryna sorap, açyk iňlis dilini ene dilinde gürleýänler bilen ýeke-ýekeden sapak alyp bilerler.

Uzukjemal AKMÄMMEDOWA,

D.Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok