Owgansytandaky elektrostansiýa Türkmenistan tarapyndan kämilleşdiriler

Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekedi Türkmenistan tarapyndan kämilleşdiriler. Onda açyk wyklýuçateller gurular, bu bolsa türkmen elektriginiň Owganystana üpjünçiligini artdyrar. Bu barada orien.tm habar berýär.

Habar berilmegine görä, Türmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenrgo gurluşyk” döwlet elektroenergetika korpoasiýasy “Da Afghanistan Breshna Sherkat” bilen bilelikdäki işleri alyp barar.

Şertnama laýyklykda, türkmen tarapy zerur enjamlaryň satyn alynmagyny üpjün eder, stansiýada täze kommutatoryň işleýşini dizaýn edip, gurluşyk işlerini alyp baryp olary synagdan geçirer.

Şeýle hem bu şertnama Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TAP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşar

Agajan ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok