Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda saýlawçylaryň ses bermegi üçin niýetlenen saýlawuçastoklarynyň ýanynda göçme söwda nokatlarynyň işi ýola goýlup, halkara synçylara we saýlawa gelen saýlawçylara dürli-dümen tagamlar, şirin miwelerdir şireler we beýleki önümler hödürlenilýär.
Belläp geçsek, 10-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlar gününde ýerli harytlaryň söwdasyny guramak barada tabşyryklary berip: «Goý, Bitarap ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary synlamaga gelen myhmanlar türkmen saçagynyň berekedini we halkymyzyň myhmansöýerligini görsünler» diýip nygtady.
Teswirler