Eşretli eýýamyň beýany

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda alym Arkadagymyz «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabyny halkymyza ýetirmegi bizi diýseň begendirdi, guwandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy. Kitapda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler jemlenendir. Şunuň bilen birlikde, täze neşirde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli teklipler hem beýan edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ajaýyp eseri ýurdumyzyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur oýlanyşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ählumumy ulgamda eýeleýän ornuna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam berjekdigi ikuçsuzdyr. Şol bir wagtda bu neşir diňe bir syýasatşynaslar, diplomatlar, bilermenler we žurnalistler üçin däl-de, daşary syýasat bilen gyzyklanýan ähli raýatlar üçin peýdaly bolar.

Kitapda döwletimiziň häzirki döwrüň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkitmek ýaly möhüm wezipelerine anyk, düýpli çemeleşmeleri beýan edilýär, sebit ösüşiniň geljegine baha berilýär, BMG-niň Tertipnamasy esasynda we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, netijeli döwletara gatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk tekliplerdir başlangyçlar öz beýanyny tapýar.

Baýmyrat NAZAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok