23-nji martda Türkmenistanda köpçülikleýin pagta ekişine badalga berler. Şol gün Ahal welaýatynyň, Balkan welaýatynyň, Lebap welaýatynyň we Mary welaýatynyň pagta öndürijileri gowaça ekişine girişerler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda bolsa gowaça ekiş çäresi 30-njy martda badalga alar.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylda gowaça ekmek üçin 620 müň gektar meýdan taýýarlanyldy.
2021-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasy tabşyrylyp, şertnamalaýyn-borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Geçen möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň 7 müň 600-den gowragy, ekiş gurallarynyň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müň 500-den gowragyndan peýdalanyldy.
Kerim BORJAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler