Türkmenistanly talyplar dünýä metbugatynda

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetitiniň 3-nji ýyl talyplary Astanow Baýram hem-de Oganesýan Karine öz institutynda geçen gyzykly çäre hakynda makala ýazdylar. Bu çärä Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Neýtart Höfer-Wissing hem gatnaşdy. Çäräniň  ady “Germaniýada daşky gurşawy gorap saklamak” diýlip atlandyryldy. Sebäbi her ýylyň 22-nji aprelinde “Ýer güni” bellenilip geçilýär. Makalada bu çäräniň geçişi, ekologik meselelere degişli talyplaryň prezentasiýaly çykyşlary we sorag-jogaplary öz beýanyny tapýar. Çäräniň ahyrynda bolsa sowgatlar çalşyldy. Höfer-Wissing ýaşlara Germaniýadaky daşky gurşaw taslamalary barada kitapça sowgat berdi. Munuň öwezine talyplar nemes ýazyjysy Piter Kurzekyň (1943 – 2013) “Myhman hökmünde” romanyny berdiler.

Bu makala Germaniýanyň “vitamin de” atly nemes dilini öwrenýän ýaşlar üçin niýetlenen halkara žurnalynyň 2021-nji ýylyň ahyrky güýzki sanynda çap edildi. Bu žurnal ýylda jemi 4 gezek çapdan çykýar : Gyş, ýaz, tomus we güýz sanlary. Onuň web-sahypasynda , www.vitaminde.de , abuna ýazylyp hem bolýar. Žurnal diňe bir nemes dilini öwrenýän ýaşlar däl, eýsem talyplar we mugallymlar tarapyndan hem söýülip okalýar.

Akynow Hoşgeldi

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
nemes dili hünäriniň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok