Saglyga peýdaly miwe

Günüň dowamynda iýýän iýmitlerimizdäki witaminleriň we minerallaryň kömegi bilen bedenimiz sagdyn bolmagyna galýar. Sebäbi iýmitiň ýokumy sagdynlykda möhüm rol oýnaýar. Saglyk üçin peýdaly ir-iýmişleriň biri hem Greýfrut bolup durýar.

Greýfrut –  iň ýokary C witamini bolan ajymtyk süýji gyş miwesidir.  Saglyk üçin örän peýdaly bu miwe güýçli antioksidant çeşmesidir. Bu miwe immun ulgamyny güýçlendirýär we düwnük keseliniň öňüni alýar.  Ýürek saglygyny goraýar, gan basyşyny we holesterini kadalaşdyrýar, insuline garşylygy peseldýär. Horlanmaga kömek edýär.  Gabygyndan alnan ýag antibakterial we antiseptik häsiýetlere eýe bolup durýar.  Depressiýanyň we stresiň ýaramaz täsirlerini azaldýar. Täze gysylan greýfrut şiresi göz saglygyny we muskul ulgamyny goraýar. Nerw öýjükleriniň sagdyn aragatnaşygyny üpjün edýär. Bu artykmaçlyklardan başga-da, greýfrut seresaplylyk bilen iýilmeli miwedir.  Käbir dermanlar bilen bilelikde ulanmak çynlakaý täsirleri hem döredip bilýär.

Geçirilen ylmy barlaglara görä, Greýfrut rak keseliniň we böwrekde daşyň döremeginiň öňüni alýar, ýürek saglygyna oňaýly täsir edýär, şeýle hem aşgazan bilen baglanyşykly keselleriň biri-bir emi hasaplanýar.

Greýfrutyň esasy aýratynlyklary:

  • Sitrus miweleriniň arasynda C witamini boýunça birinji ýerde durýar;
  • Onda beýleki miwelerden alyp bolmaýan köp sanly witaminler, minerallar we antioksidant birleşmeler bar;
  • Greýfrutyň ortasyndaky ak süýüm dokumasy antioksidantlara iň baýdyr we ajy tagamyna garamazdan howpsuz iýilip bilner;
  • Gülgüne we gyzyl greýpfrutda sary we ak greýpfrutdan has köp beta-karotin, likopen we ş.m. bar;
  • Miwäni gün şöhlesinden uzakda, salkyn we gurak ýerde saklanmalydyr.

Meýlis BEGENJOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok