OMOUS-2022 – matematika boýunça açyk olimpidasy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti türkmen talyplarynyň we daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Matematika boýunça açyk olimpiada guraýar.

Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu olimpiada matematika gözden geçirilişine dünýä ýurtlarynyň 15-den gowragyndan – şol sanda Russiýadan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Rumyniýadan, Polşadan, Gresiýadan, Indoneziýadan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýaryş onlaýn görnüşde geçer we talyplar şahsy we toparlaýyn görnüşde özara bäsdeşerler. Bäsleşik türkmen dilinde we iňlis dilinde geçiriler.

Şahsy bäsleşik – iki derejä bölüner. Birinjisinde matematika we informatika ugrundan bilim alýan talyplar, ikinjide – oňa ugurdaş bolmadyk ugurlardan bilim alýanlar gatnaşarlar. Bäsleşige gantaşýanlara 6 mesele we olary çözmäge 240 minut (4 sagat) wagt berler.

Toparlaýyn bäsleşik – hünärine garamazdan hatarynda 4 adamdan köp bolmadyk toparlar gatnaşarlar. Toparlar iki sagatda (120 minutda) 10 mesele çözerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin – www.iuhd.edu.tm saýtyna girip hasaba durmak işlerini geçirip bilerler. Saýtda goşmaça we giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir we oňa gatnaşjak ýokary okuw mekdepleriniň sany çäklendirilmeýär.

Aýbarçin RAŞIDOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň
žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok