Seul şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi


6-njy martda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň diplomatlary, şeýle hem bu ýurtda okaýan türkmen talyplary we türkmenistanly raýatlar gatnaşdylar.

Geçirilen brifingiň dowamynda Türkmen diplomatlary öz çykyşlarynda möhüm syýasy waka – Türkmenistanyň Prezident saýlawlarynyň açyk we demokratik ýagdaýda, halkara-hukuk we milli kanunçylygyň talaplaryna doly laýyklykda 12-nji martda geçiriljek saýlawlar barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok