Näme üçin uçarlar käwagt gapdallaýyn gonýarlar?!

Howa syýahat etmek sizde dartgynlylyga sebäp bolýan bolsa, şemally we oňaýsyz howa şertlerinde uçmak sizi has hem aladala goýup bolup biler. Esasanam gonuş wagtynda uçuş-gonuş zolagynyň ugruna görä uçardan bir tarapa güýçli ýel bar bolsa…

Oňaýly howa şertlerinde uçarlar uçuş-gonuş zolagyna kadaly ýagdaýda gonýarlar. Gonuş zolagyna golaýlanda uçaryň tizligi we beýikligi kem-kemden peselýär. Uçuş-gonuş zolagyna degmezden ozal uçaryň ugrukdyryjy bölümi birneme ýokarlanýar. Ýere degensoň, uçar duralga haýallyk bilen gelýär. Şeýle-de bolsa, uçuş-gonuş zolagy tarapdan güýçli ýel öwüsýän bolsa, gonuş wagtynda uçaryň ugruny üýtgetmegine sebäp bolýar. Bu ýagdaýda ýeliň ugry we güýji rugsat edilýän çäklerde bolsa, uçarmanlar uçuş-gonuş zolagyna göni däl-de, şemalyň ugruna görä saga ýa-da çepe egilmeli bolýar. Uçar şeýle ýagdaýda gonanda, uçaryň gonuş enjamlary ýere degmezden ozal uçarmanlar uçuşyň ugruny uçuş-gonuş zolagyna laýyklaşdyrýarlar.

Uçarmanlar howanyň ýagdaýyna görä, uçaryň yzky böleginde ýerleşýän kiçijik ugrukdyryjyny rul pedaly bilen süýşürip, öz isleglerine laýyklykda üýtgedip bilýärler.

Bahar PIRNYÝAZOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok