Dünýädäki ilkinji kaşaň “hovercraft” sport awtoulagy tanyşdyryldy

Dünýädäki ilkinji kaşaň “hovercraft” sport awtoulagy Angliýada işlenip düzüldi. Gury ýerde we suwda gezip bilýän “hovercraft” sport awtoulagy elektrik energiýasy bilen işleýär. Iň ýokary tizligi sagatda 100 kilometre we aralygy 200 kilometre ýetýän ulagyň bahasynyň 100 müň dollar bolmagyna garaşylýar.

1950-nji ýyllardan bäri gury ýerde, gumda we suwda gezip bilýän ulaglar bolan “hovercraft” düşünjesi soňky gezek üýtgedilenden soň elektrikli görnüşde işlenip düzüldi.

“Arosa” diýlip atlandyrylýan bu ulag, iňlis inženeri we esaslandyryjysy Michael Mercier-iň adyny göterýän “Von Mercier” kompaniýasy tarapyndan taslanyldy.

“Arosa” diýlip atlandyrylýan bu ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 100 kilometre, ortaça tizliginde bolsa 194 kilometre ýetýändigi mälim edildi. Açyk görnüşli sport ulagynyň, 18 santimetr beýik dizaýny bilen suwa girende ýüze çykýan howa ýassygynyň kömegi bilen suwda aňsatlyk bilen gezip biljekdigi nygtalýar.

Ulag, uçara meňzeş oturgyjy, gizlin yzky tigirleri we sanly gurallar toplumy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem “Arosa” üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen işleýän benzin hereketlendirijisinden ybarat gibrid-elektrik geçirijisine eýe bolup, ätiýaçdaky batareýasy bilen gysga tizlikde elektrik toguny özüne toplaýar.

Guwandyk ALLAKOW,

D.Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok