Dikuçarlaryň esasy aýratynlyklary

Dikuçarlar dikligine uçup hem-de gonup bilýänligi üçin howa tiz kömek gullugynda giňden ulanylýar. Dikuçar hassany islendik ýerden alyp bilýär – uçara bolsa uçmak üçin uzyn ýol zerur.

Dikuçaryň peri ýok ýaly görnüp biler, emma onda göteriji wintiň perleri bolýar. Hereket etmeýän perli uçarlar perlerinden howa geçmegi üçin hereket etmeli bolýar. Dik uçarlar bolsa, duran ýerlerinde perlerini aýlap bilýär.

Göteriji wintiň perleri. Bu göteriji wintiň her bir periniň dikuçaryň howada galmagy üçin aýlanýan ganatdyr. Dolandyrmak üçin periň burçuny sazlap bolýar – periň bir gapdaly beýleki gapdalyndan ýokarda bolýar. Bu dikuçary bir ugra gönükdirip, onuň şol ugra tarap hereket etmegine getirýär.

Ugrukdyryjy perler. Ugrukdyjy perler bolmasa, dik uçaryň fýuzelýajy (dikuçaryň göwresi) esasy göteriji wintiň perleriniň garşysyna aýlanar. Iki sany gysga perler gapdal ýerleşdirilendir. Bu perler dikuçaryň tersine aýlanmagynyň öňüni alýan itergi döredýär. Ugrukdyryjy perler arkaly perleriň ýapgyt derejesini üýtgedip, öndürilýän kuwwatyň mukdaryny üýtgedip, fýuzelýajy çepe-saga öwürmek bolýar.

Dolandyryjylar we pedallar. Dolandyryş ryçagy arkaly dikuçary ugrukdyrmak üçin göteriji perleri we onuň ýapgyt derejesi dolandyrylýar. Pedallar ugry üýtgetmezden fýuzelýajyň pozisiýasyny sazlap, ugrukdyryjy perleri dolandyrýar. Paneliň orta böleginde ýerleşýän kollektiw we drossel (suwuklygyň, buguň ýa-da gazyň basyş güýjüniň sarplanyşyny urukdyryjy gural) ryçagy hereketlendirjiniň güýjüni we göteriji perleriň umumy beýikligini dolandyrýar.

Süleýman GURBANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok