Mundan 39 ýyl ozal ýagny, 1983-nji ýylyň 2-nji martynda Angliýada ilkinji CD görkezildi. 1970-nji ýyllaryň ahyrynda kompýuter tehnologiýasynyň çalt ösmegi netijesinde, islendik maglumatlary sanly görnüşde saklamak we okamak mümkin boldy. Sanly maglumatlary göterijileriň biri hem 1983-nji ýylyň 2-nji martynda “Philips”, “Sony” we “Polygram” tarapyndan görkezilen CD boldy. Şol döwür täzelik üçin hakyky sensasiýa boldy.
Sesi ýazga almak we köpeltmek üçin ilkinji enjamlar aýdym gutularynyň mehanizmlerine meňzeýärdi. Görkezilen CD-niň diametri 12 santimetr bolupdyr. Bethoweniň dokuzynjy simfoniýasy görkeziş hökmünde CD-de ýazga alyndy. Lazer tarapyndan taýýarlanan we lazer pleýer tarapyndan okalan ýazgynyň dowamlylygy 74 minut bolup – simfoniýa şol döwrüň iň meşhur çykyşynda uzak wagtlap dowam etdi. Şeýlelik-de wagtyň geçmegi bilen optiki diskler diňe ses ýazgy serişdesi bolmagyny bes etdi. Soňra CD-ROM peýda bolup islendik sanly maglumatlary saklamak mümkinçiligi bolan CD-R we CD-RW peýda boldy. CD-R-de bir gezeklik ýazgylary ýazyp bolýardy, CD-RW-de bolsa degişli diskleri ulanyp ýazgylary täzeden we köp gezek ýazyp bolýardy. Maglumatlar lazer şöhlesi bilen okalýar we ýazylýar.
XXI asyryň başynda fleş tehnologiýasynyň ösmegi bilen audio-CD-leriň ýazgylar we kasetalarda bolşy ýaly ýatdan çykarylmak howpuna sebäp boldy.
.
Akmyrat AKMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň
Elektroenergetika we elektrotehnika hünäriniň “A” toparynyň I ýyl talyby.
Teswirler