Prezident saýlawlary üçin 2618 saýlaw uçastogy döredildi

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça 2022-nji ýylyň 2-nji martynda Saýlaw kodeksine laýyklykda, möhletinden öň ses bermek başlandy.

Möhletinden öň ses bermek, käbir sebäplere görä, 12-nji martda öz saýlaw uçastogyna gelip bilmejek raýatlar üçin guralýar. Raýatlar sagat 08:00-dan 18:00-a çenli ses berip bilerler.

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-si döredildi: şol sanda Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 549, Aşgabat şäherinde 310 saýlaw uçastoklary döredildi. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda bolsa saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dokuz dalaşgär bellige alyndy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok