Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin ýurduň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy 12-nji martda raýatlar üçin saýlaw uçastogyny gurar.
Saýlaw uçastogy Türkmenistanyň Baş konsullygynda ― Kazan şäheriniň Sibirskiý zolagynyň 6-njy jaýynda dörediler.
Bu saýlaw uçastogynda Türkmenistanyň häzirki wagtda Tatarystan, Başgyrdystan, Mari El, Mordowiýa, Umdurt, Çuwaş Respublikalarynda, Perm ülkesinde, Kirow, Nižniý Nowgorod, Orenburg, Penza, Samara etraplarynda ýaşaýan raýatlary 12-nji mart güni ir sagat 7-den agşam 19-a çenli öz seslerini berip bilerler.
Saýlawçylar ýanlary bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýagny raýatlyk we daşary ýurt pasportlaryny alyp barmaly. Her bir saýlawçy özi üçin ses berýär. Başgalaryň ses bermek hukugyndan peýdalanmak gadagandyr.
Käbir sebäplere görä, saýlaw güni ses berip bilmeýänler 2022-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap, ýokardaky saýlaw uçastogynda wagtyndan ozal ses bermäge gelip bilerler.
Teswirler