2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli zerur şertler döredildi. 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi.
Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň wekilleriniň öňünde hem uly wezipeler durýar. Geljek 30 ýylda adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagy, şeýle-de döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan giňden goldanylmagy göz öňünde tutulýar.
Eziz Watanymyzda oýlanyşykly düzülen we kabul edilen maksatnamalar Watanymyza täze-täze üstünlikleri, guwandyryjy ýeňişleri bagyş etdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, halkymyzyň durmuşynda hem uly ösüşler, özgerişler gazanyldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasaty, tagallalary, beýik başlangyçlary, döredýän şertleri halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanýar.
Ýurdumyzda ykdysadyýetimizi, halkymyzyň milli medeniýetini ösdürmek üçin beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny ösen, kuwwatly ykdysadyýetden, kämil medeniýetden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolan barha kuwwatlanýan ykdysadyýetimizi has-da berkitmek üçin giň ýollar açyldy.
Goý, halkymyzy baky bagtyýarlyk daňyna ataran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Röwşen ÇERKEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler