Ösüşli zamanaň şuglasy

Türkmen halkynyň iň täze taryhy bolan 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent üstünlikler gazanylyp, ýokary sepgitlere ýetildi. Şeýle ösüşler sanly ulgamy ösdürmek, halk hojalygyny köpugurlaşdyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde amal bolýar. Munuň şeýledigini 2022-nji ýylyň ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmeginiň özi hem bütin dünýä aýan edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçmegi bilen, ykdysadyýetimizi ösdürmek, diwersifikasiýalaşdyrmak babatda giň gerimli özgertmeleri nazarlaýan ykdysady strategiýa durmuşa geçirilip başlandy. Bu ugurda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi we milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ata Watanymyzyň ykdysady taýdan ösen, kuwwatly senagat döwletine öwrülmegine ýardam berdi. Munuň özi Arkadagly zamanamyzyň ýene bir taryhy senenamasynda — geçen 2021-nji ýylda gazanylan ösüşlerde özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» — halkyň ösüşli zamanasy. Çünki hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet baştutanlygynda halkymyzyň her bir güni beýik ösüşlere, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Her ýyl Diýarymyzda möhüm ähmiýetli kuwwatly desgalar bina edilýär. 2021-nji ýylyň dowamynda 30 sany iri desga ulanmaga berilmeli bolsa, olaryň sany 73-e ýetdi. Olaryň hatarynda Kerki şäherindäki Halkara howa menzili, Kaka we Babadaýhan dokma toplumlary, «Aşgabat» söwda, dynç alyş we işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat binalar toplumy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi ýaly iri desgalar bar. Öz nobatynda ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berilýän durmuş we önümçilik maksatly iri desgalar Arkadagly zamanamyzda ykdysadyýetimiziň ösmegi bilen bir hatarda, halkyň ýaşaýyş derejesiniň hem has-da ýokarlanýandygynyň ajaýyp subutnamasydyr.

Döwletimiziň ykdysadyýetde ýeten sepgitleri, gazanan ajaýyp üstünlikleri dünýä ýüzünde ykrar edilýär. Muny «Fitch Ratings» agentliginiň ýurdumyza «B+durnukly» derejesini bermegi doly tassyklaýar. Ykdysady kuwwaty dünýäniň iň abraýly şeýle agentlikleri derejesinde ykrar edilen ýurdumyz durnukly ösýär. Bu ugurda milli Liderimiziň gol çeken Karary bilen kabul edilen «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnama» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem Watanymyzyň yzygiderli durnukly ösüşini nazarlaýan resminamadyr. Täze Maksatnamanyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda ajaýyp ösüşleri gazanmaga ýardam berjekdigi şübhesizdir.

Hawa, Arkadagly zamanamyzyň her bir güni taryha altyn harplar bilen möhürlenýär. Belent sepgitlere ýetilip, taryhy wakalara beslenýän halkymyzyň Arkadagly zamanasy beýik ösüşleri bilen şuglasyny saçýar. Munuň özi ykbally türkmen halkynyň, Garaşsyz döwletimiziň ýagty ertirlerine ajaýyp binýatdyr.

Magtymguly AHMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok