Ylymly ýaşlar ýurdumyzyň geljegi

Berkarar Watanymyzda Hormatly Arkadagymyzyň ýöredýän adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil baradaky döwlet derejesinde edilýän aladalar bu gün özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Garaşsyz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly, ylymly-bilimli, milli ýörelgelerimize ygrarly, watansöýüji, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge yhlasly ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty biz ýaşlary maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, parahatçylyk ündemegi, ýokary ahlaklylygy özümize görelde edinmegimize gönükdirilendir. Döwletimizde ilatyň ep-esli bölegini düzýän ýaş nesiller ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmäge, diýarymyzy mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly giň gerimli işlerde mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda durmuşa geçirilýän işlerde ýaşlara aýratyn bil baglanylýar. Ähli ugurlarda zähmet çekýän we ylym-bilim alýan ýaşlara öz zehinlerini, başarnyklaryny açyp görkezmäge, tejribelerini baýlaşdyrmaga, hünär derejesini kämilleşdirmäge bolan hemmetaraplaýyn islegleri kanagatlandyrylýar. Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklary üçin toplumlaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Bular bilen bir hatarda dürli ugurlar boýunça ylmy we beýleki medeni bäsleşikleriň, halkara derejesindäki ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri açmaga ýardam edýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda ýaşlaryň kämil tehnologiýalaryň, sanly elektron serişdeleriniň we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak möhüm şertleriň biri bolup durýar.

Eziz Diýarymyzda öndürilýän harytlarynyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň mukdaryny azaltmak, oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen bagly telekeçilik işleri üçin amatly şertleri döretmek ýaly wezipeler öňde durýar. Şeýle özgertmeleriň esasy maksady döwletimizde azyk bolçulygyny berkitmekden ybaratdyr. Bu ugurda oba hojalyk pudagy boýunça bilim alýan biz – talyp ýaşlara döwrebap bilim almagymyz, alan bilimimizi özleşdirmegimiz üçin oňaýly şertler döredilip berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdiriliş tehnologiýasyny giňişleýin öwrenmeklige, kuwwatly tehnikalardan baş çykarmaklyga aýratyn üns berilýär. Bu bolsa talyp ýaşlaryň geljekde öz saýlap alan hünäri boýunça ýokary derejeli, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär.

Kakajan RAHMANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok