Türkmenistan ýanwar aýynda 10 müň tonnadan gowrak parnik pomidoryny daşary ýurda eksport etdi

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda türkmen telekeçileri teplisa toplumlarynda ösdürilip ýetişdirilen 10,5 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Teplisa toplumlarynda ýetişdirilen pomidorlary esasan Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan we Birleşen Arap Emirliklerine eksport edildi. 2021-nji ýylda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryna pomidor satuwyny ýola goýup başlady.

Synçylar, Türkmenistanda teplisa pudagynyň çalt ösmegine uly baha berýärler. Şeýle-de iri teplisa toplumlaryny döretmek üçin zerur bolan döwrebap enjamlary satyn almakda döwlet banklary telekeçiler üçin uly goldaw berýändigini hem nygtaýarlar.

Didar BEKMIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok