Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça Ahal we Mary welaýatynyň teklipçi toparlary dalaşgärleri hödürledi

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýän döwründe Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary netijesinde saýlawlara dalaşgäler hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Ahal welaýatyndan dalaşgär hökmünde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew hödürlendi.

Maksatmyrat Öwezgeldiýew 2007-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda interm lukmany wezipesinde işe başlady. 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli welaýatyň etraplarynda düzümiň dürli ýolbaşçy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.

Mary welaýatynda geçirilen ýygnagyň netijesinde bolsa  iň ýokary döwlet wezipesine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew dalaşgär hökmünde hödürlendi.

1999-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlan Saryýew inžener-mehanik hünärini ele aldy we “Maryazot” önümçilik birleşiginde zähmet ýoluna başlady. 2001-nji ýylda harby gullugyny tamamlandan soňra Mary welaýatynyň “Maşyngurluşyk” zawodynda inžener-tehnolog , inžener-metalist wezipelerinde hem-de 2002-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynda dürli wezipelerde işledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok