Türkmen oba hojalyk instituty “Akyl giňişligi” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Talyp ýaşlar ýurdumyzda şeýle-de daşary ýurtlarda geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ine şeýle bäsleşikleriň biri hem “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan guralýan “Akyl giňişligi” gepleşigidir.

Ýakynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan guralýan “Akyl giňişligi” bäsleşiginiň 2022-nji ýylyň jemi boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlaryndan ybarat topar baş  baýraga mynasyp boldy. Topara institutyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy Myrat Nyýazmetow ýolbaşçylyk etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok