Ýakynda, Balkan welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmensitanyň Milli Geňeşiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlemek meselesine seredildi.
Belläp geçsek, Berdimämmet Gurbanow 2004-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Balkan welaýatynyň köpugurly hassahanasynda internatura geçdi. 2005-2008-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynyň saglyk öýünde ilki maşgala lukmany soňra baş lukman soňky ýyllarda bolsa Balkan welaýatynyň beýleki Saglygy goraýyş edaralarynda, Garabogaz şäheriniň hassahanasynda we Esenguly etrabynyň hassahanasynda baş lukman bolup işledi.
2012-2019-njy ýyllar aralygynda Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň birinji orunbasary wezipesinde işledi.
Teswirler