Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki giňeldilen mejlisi geçirildi.

Mejlisden soňra Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok