Lebap welaýatynda ýer almanyň ekişine başlandy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň çäklerinde ýer almanyň ekişine başlandy. Şu ýyl sebitde gök we bakja önümleri ösdürip-ýetişdirmek üçin 11,670 gektar ýer bölünip berildi. Olaryň 2 müň 300 gektar ýerinde ýer almasy ösdürip-ýetişdiriler.

Baý hasyl almak üçin daýhanlara ýer almanyň bahar sortlaryny ekmek üçin 1400 gektar ýer, güýz sortlaryny ekmek üçin bolsa 900 gektar ýer bölünip berildi.

Bu ekilen önümlerden tomusda 19,600 tonna, güýzde bolsa 12,600 tonna ýer almanyň hasylyny almak meýilleşdirýär.

Täçmyrat ALLABERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok