Türkmen hususy kärhanalary “Altyn Köl”-niň infrastrukturanyň gurluşyk işlerini alyp barýarlar

Häzirki wagtda “Altyn Köl” dynç alyş zolagynyň infrastrukturasyny has-da gowlandyrmak üçin alnyp barylýan gurluşyk işlerine ýerli kärhanalaryň 12-si öz işlerini alyp barýar. Şu ýyl birnäçe täze desganyň işe girizilmegi meýilleşdirilýän bu “Altyn Köl” dynç alyş zolagynda, paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin dynç almak üçin amatly gurşaw döretmek ugrunda öz toplan tejribeleri bilen işleri alyp barýarlar.

Metbugatyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýrugy bilen taslamany 2024-nji ýyla çenli doly durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň gurluşyk işlerine ýüz töweregi hususy kärhanalar gatnaşýarlar we olaryň köp bölegi Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşyk işlerini alyp barýarlar.

Döwletgeldi JORAGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok