“Türkmenabat — Moskwa” ugry boýunça nobatdaky ýörite halkara gatnawy

“S7” awiakompaniýasy 18-nji fewralda Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda habar berilýär.

Bu ýörite halkara gatnawy üçin petekler 15-nji fewralda (sişenbe güni) sagat 10:00-da S7 awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň kassasynda satylyp başlanar.

Belläp geçsek, bu amala aşyryljak halkara gatnawy 36-njy gezek guralýan ýörite uçuşdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok