«Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi.

Geljek 30 ýylda adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, şeýle hem makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagy şeýle-de döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan giňden goldanylmagy göz öňünde tutulýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok